"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halk gahrymanynyň çeper keşbi

Arka berip daýandygym,Goja daglar ýerindemi?! «Görogly» eposyndan.

Gymmatly mirasyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, ýaş nesliň terbiýesinde milli gymmatlyklarymyzyň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň agzybirlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak, ynsaplylyk, dost-doganlyk hem-de myhmansöýerlik ýaly asylly ýörelgeleri bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kitap turuwbaşdan millilige esaslanýar. Millilik bolsa halkyň gündelik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Biz bilime, ylma uly hormat goýýan halk. Ata-babalarymyz taryhda döreden döwletlerinde bilime, ylma uly üns beripdirler. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe şazadalaryň, begzadalaryň mekdebi ýurduň esasy ylmy ojaklarynyň birine öwrülipdir. Şol mekdeplerde geljekki wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-bilim alypdyrlar.

Akyl sandyklary

Hormatly Prezidentimiziň ylhamdan püre-pür döredijilik dünýäsi bize ummasyz kän baýlyklary eçildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döredijilik diýlen düşünje, döretmek diýlen düşünje halkymyzyň müdimilik hemrasy. «Akyl sandygy» diýlen düşünjäni makalamyza ýöne ýere sözbaşy hökmünde saýlamadyk. Sebäbi, men bu düşünjä Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda gabat geldim. Eserde paýtagtdan Tejene mekdep gurmak üçin baran Berdimuhamet aganyň ýany bilen alyp baran iki sany sandygyny ilki kolhozyň başlygy Mody aga egin-eşikdir öýdýär. Emma ol iki sandyk kitapdan doly. Kitaplarda bolsa akyl bar. Şonuň üçin hem sandyklar «Akyl sandygy» diýlip atlandyrylýar. Berdimuhamet agany hemişe we hemme ýerde uly abraýyň eýesi eden şol sandyklar. «Döwlet guşy» romanynyň 11 ýaşly gahrymany, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly agany hem çagalygynda il arasynda uly adamlar bilen deň derejedäki gahrymana öwren hem şol akyl sandyklarynyň içindäki kitaplar.

Düýe maly — dünýe maly

Aýdylanlar, ýazylanlar az bolmasa-da, düýe maly barada aýtmaga-da, ýazmaga-da zat kän. Sonarly örülere ýaraşyk berip, ümmülmez sähralyklarda otlaşyp ýören düýeler desserhanymyzyň berekedini artdyrýar. Ata-babalarymyzdan milli ýörelgeler, ruhy we ahlak gymmatlyklar, däp-dessurlar nesilden-nesle geçip, bize miras bolup gelýär. Güneşli Diýarymyzyň köp bölegini ymgyr çölli Garagum tutansoň, adamlar çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar, dürli mallary saklapdyrlar. «Malym — janym» diýýän pederlerimiz öz mallaryny gözüniň göreji ýaly görüpdirler. Düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyrlar. Düýe maly halkymyzyň milli gymmatlygy we buýsanjydyr. Ata-babalarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň uzak menzillerini düýeli kerwenler bilen geçipdirler. Daş ýurtlara argyşa gidip, dürli harytlary, azyk önümlerini getiripdirler, göçüni bolsa inerler bilen çekipdirler. Iner suwsuzlyga, yssy howa çydamly, agyr ýük göterip bilýändigi bilen tapawutlanypdyr. Şonuň üçin merdana halkymyz «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi döredipdir. Düýe maly — örän duýgur jandar. Ol otuň haýsy ýerde bitginlidigini ýalňyşman bilýär. Ýagyş ýagyp, ýörite gazylan kaklara, takyrlaryň ýakynyndaky guýmalara — tebigy suw jemlenýän pesräk ýerlere düşýän suwy uzak aralykdan bilip, göni barmagy, şondan suwlanmagy başarýar.

Türkmen alabaýlary — halkymyzyň buýsanjy

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine öz goşandyny goşan halk. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan el halylary, ýelden ýyndam türkmen bedewleri, toý-baýramyň gelşigi bolan dokma önümleri, şeýle hem wepadarlygyň nyşany bolan alabaý itleri halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülendir. Türkmen halkynyň itşynaslyk sungatynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr» diýip, belläp geçýär.

Juwaz hakynda rowaýat

Arkama-arka juwaz işledip gelýän juwazçylaryň biri juwazyň döreýşi hakynda şeýle bir rowaýaty gürrüň berdi. Öňki döwürde depseň yranmaz sahawatly baýlaryň biriniň dört ogly bilen juda owadan bir gyzy bar eken. Kakasynyň nahar-şoruna ol gyzyň özi sereder eken. Ol künjini sokuda döwüp, soňam gazanda gaýnadyp, galkman edip, ýag alypdyr. Şol ýagdan hem kakasyna palaw bişirip beripdir.

Taryhyň gatyna siňen gatnaşyklar

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetkärçiligiň pajarlap ösmegine itergi beripdir. Halkara söwdanyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan owadan hem ýel deý ýüwrük ahalteke bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken. Ýurdumyzda gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan üzüm dänejiklerini tapdylar. Hytaýlylar özge ýerlerden getirip, öz ýurduna hoz, nar, injir ýaly miweli agaçlary, şeýle hem sogan, käşir, noýba, hyýar ýaly gök ekinleri hem ýaýradypdyrlar. Orta Aziýalylar şetdalydyr gawun-garpyzlar, şeýle-de tazylar, elguşlar, guýrugy elek ýaly goýunlar kimin öý haýwanlaryny-da kerwenlerde alys ýerlere äkidipdirler. 

Watan

Saba säherleri aklyga we päklige beslenen gözel, Watanym! Tamdyrda bişip durka enelerimiz ýüzüne suw sepende, reýhanlara öwrülen çöregimize siňen mukaddeslik ýaly eziz sen! Saňa bolan söýgimiz edil, seniň parahat asmanyň ýaly uç-gyraksyzdyr. Sallançakdaky ak bäbekleriň gözmonjuk deý meňziniň mähri, atalarymyzyň aýdyp beren dessanlary bize Watan mukaddesligini ýatladýar. Boýlary asmana uzaýan belent binalaryňa seredip, gözümiz röwşen tapýar. Asmandan ýagýan ýagyşlaryň damjasy topragymyzyň berekedidir. Başyndaky ýaglygyndan edebiniň yşaraty gelip duran enelerimiziň dessury ezizdir bize.

Söz soltanlygy

Bir danyşmentden: «Dünýäde iň lezzetli zat näme?» diýip soranlarynda, ol: «Söz» diýip jogap beripdir. Ata-babalarymyz çeper sözi iň esasy gymmatlyk hökmünde gadyrlapdyrlar. Şonuň üçinem hikmet we sungat derejesindäki eserler döräpdir. Şol sebäpli halk döredijiligi hem söz soltanlygyna öwrülipdir. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly çeper söze ussat şahyrlarymyz söz soltanlygynyň ägirtleri hökmünde bakylygyň bagtyna mynasyp boldular. Parasat mülküniň eýesi Alyşir Nowaýynyň «Hamsasynyň» birinji kitaby bolan «Ýagşyzadalaryň haýranlyklary» atly eseriniň «Ajaýyp şäher» diýen bölüminde şeýle setirler bar:

Ýagşy niýet ýarym döwletdir

Şahyrana ene-mamalarymyzyň dünýäleri — durşuna ruhy hazyna. Olar her bir janly-jandaryň häsiýetini, özüne mahsus aýratynlygyny öwrenip, bular bilen baglanyşykly şahyrana söz oýnatmalaryny döredipdirler. Şol sözler bolsa, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Goýun eýesine: «Etiňi iýmän, etimi iýdirmerin» diýipdir. Özem: «Garnym ýarym, ýerim ýyly bolsun! Artyk zadym bolmaz: ýüňüm ýorgan, süýdüm sargan, bir artyk zadym — ýel, ol-da eýämiň sakgalyny ýelejireder» diýipdir.

Hünärmentçiligiň irki nusgalary

Orta Aziýada aýna işlenilip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär. Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijä gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň  alhimiýa degişli traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eseri okap, aýnanyň ýasalyş usulynyň ýola goýluşyna akyl ýetirmek bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar.

Ýantorbalar

Milli nagyşlar bilen bezelen ýantorbalar ony göterýän zenanlaryň görküne-görk goşýar. Berkligi, gözelligi bilen tapawutlanýan ýantorbalar dokmaçylyk önümleriniň hataryna girýär. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, eli çeper Akjemal Abdyrahmanowa ýantorbalary dokamagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi: — Ýantorbalar çitme, palas, kilim görnüşlerinde we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Palas ýantorbalar öýdüm bilen çitilýär. Şeýle ýantorbalara «buýnuzy», «bossany», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Haly ýantorbalary dokamagyň tärleri köpdürli bolýar. Onuň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli ýara we düwe çitimleri peýdalanýarlar.

Ussalardan galan miras

Nal ýasamak we bedew atlaryň toýnaklaryna kakmak hünäri has gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Nal ikitaraplaýyn bolup, ýüzden we ýeňseden ybaratdyr. Ussalar demirleri körüge salyp, sandalda ýenjip, gerekli ölçegi alýarlar. Adatça, demirçi ussalar gyzdyrylan demri suwly gaba salýarlar. Nal ýasaýanlar bu usuly oňlamaýarlar. Munuň sebäbi şeýle: nal demrine suw degrilse, ol demriň gaty ýagdaýa öwrülmegine getirýär. Şol sebäpli gyzdyrylyp suwa salnan demirden ýasalan nal atyň toýnagynda wagty döwlegen bolýar. Bu bolsa atyň teniniň şikeslenmegine getirýär.

Gözellik dessany — türkmen halysy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösüşiň bagtyýarlyk ýoly bilen öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylýar, Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýy barha belentliklere sary barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz, medeni-taryhy mirasymyz, däp-dessurlarymyz ösdürilýär we giňden wagyz edilýär. Milli medeniýetimizi aýawly saklamak, goramak we geljekki nesillere ýetirmek, milli mirasymyzyň gymmatlydygyny, gadymy taryhy ähmiýetlidigini bütin dünýä açyp görkezmek ugrunda BMG bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar. Gadymy Merwiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň taryhy medeni ýadygärlikler toplumynyň BMG-niň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baky Bitaraplygymyzyň miwesidir. Haly sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halyçylar üçin has-da tolgundyryjy waka bolup, ol zenanlarymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligi döredýändiginiň dünýä ýüzündäki ykrarnamasy boldy.

Serkeç — gadymy käse gap

Ata-babalarymyzyň ir döwürde ulanan öý-hojalyk esbaplarynyň, gurallarynyň ençemesi wagtyň geçmegi bilen mirashana gymmatlyklaryna öwrülip galdy. Şeýle gymmatlyklaryň ençemesi Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyndaky hormatly Prezidentimiziň atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän mirashanada hem saklanylýar. Şolaryň biri-de edil susaga meňzäp duran serkeçdir. Käse gap hökmünde ulanylan serkeçler öňki döwürde uzak ýola gidilende, ýazlaga çykylanda ulanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze şeýle düşündiriş berilýär: «Serkeç —at. Ýola çykylanda käse salmak we onuň döwülmezligi üçin gaýyşdan, keçeden we ş.m ýörite tikilýän gap, guty». Serkejiň, esasan-da, çarwaçylyk bilen meşgullanýan ilatyň arasynda köpçülikleýin ulanylandygyny mirashana işgärleri aýdýarlar.

Miras — halkyň hazynasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzda adamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry amala aşyrylýar. Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleriniň — gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir. Halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan hasaba alyndy. Bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Taryhy-medeni mirasa juda baý bolan ata Watanymyza jahankeşdeleriň gyzyklanmasy hem has-da artýar. Daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip, täsin bezegleri bilen haýran galdyrýan ýadygärliklerimiz olarda uly gyzyklanma döredýär.

Ýanlyk

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salanyňda, diňe bir ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem olary gaýtadan işlemegiň kämil usullaryny hem döredendigini görmek bolýar. Dänesi ýagly önümleri gaýtadan işlemekde ulanylýan juwazlar, nah, ýüpek, pagta süýümini gaýtadan işlemekde ulanylýan taralar öz döwrüniň kämil enjamlary hökmünde tä soňky döwürlere çenli köpçülikleýin ulanylyp gelindi. Ýeri gelende aýdylsa, seýrek ýagdaýlarda bolsa-da, olar halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklary hökmünde häzirki döwürde hem saklanylýar. Süýdi gaýtadan işlemekde hem kämil usullar döredi. Şonuň netijesinde süýtden mesge, dorog, gurt, gymyz, agaran, süzme, çekize, garagurt ýaly onlarça görnüşli süýt önümleri öndürilýär.

Teşne ýürekleriň çeşmesi

Gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatymyzyň baý taryhy bar. Kalplara gozgalaň salyp, göwünleri joşdurýan ganatly aýdym-sazlar ençeme asyrlaryň dowamynda merdana halkymyzyň köňül syrdaşy, ruhy hemrasy bolupdyr. Türkmen halkynyň milli ýaşaýyş medeniýetine, gadymy ýol-ýörelgelerine ser salanyňda, şirwan perdeden ýaňlanan aýdym-sazlaryň halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigine göz ýetirmek bolýar. Heňňamlaryň syrlaryny özünde jemleýän gadymy ýadygärliklerimiziň şu günlere gelip ýetmeginde halk dessanlarynyň, aýdym-sazlaryň ähmiýetiniň uly bolandygy aýdyň hakykat. Hut şonuň üçinem, halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini, däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň kada-kanunlaryny çeper sözüň, ýakymly sazyň üsti bilen beýan edip, halk köpçüligine ýetirmekde türkmen bagşy-sazandalarynyň aýratyn orny bardyr. Türkmenistan Diýarymyzyň Gündogarda özüniň gadymylygyna, dürli halklaryň ýaşan mekanydygyna dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ýazan işleriniň üsti bilen göz ýetirmek bolýar. Saz öwreniji alym A.Eýhenwald türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirijilik aýratynlyklary barada: «...bagşylarda jukguldylar, bokurdak sandyratmalar, agyzlaryny ýapyp hüýýüldetmekleri, bogaz gaýnatmalary ýaly usullary ulanyşlaryny nota geçirmekçi bolanymda baş çykaryp bilen däldirin. Sazanda uzak çalynýan simfoniki saza kybapdaş mukamlary dutaryň ik

Saçaklaryňyz toýlara ýazylsyn!

Saçak keramata, mukaddeslige deňelýär. Saçak egsilmez berekediň çeşmesidir, bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Çünki biz oňa Güneşe çalymdaş mele-myssyk çöregi dolaýarys. Saçagy mukaddeslige deňeýän pederlerimiz onuň başynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny hem döredipdirler. Türkmençilikde çagyrylmazdan öň saçak başyna gelmeklik, saçak başynda eliňi ýere diräp oturmaklyk, nahary çep eliň bilen iýmeklik halanylmaýar. Bu talaplar dürli yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen ýaş nesillere öwredilipdir. Saçak başynyň kadalary perzentleriň ýaşlygyndan gursagyna guýlup, aňyna berk ornap, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimizde-de derwaýyslygyny ýitirmän gelýär. Halkymyzyň saçak ýazmak ýörelgesi gelen myhmana goýýan çäksiz hormatyny aňladýar. Myhman hem özüne edilen hezzet-hormata: «Saçagyň berekedi artsyn!», «Saçaklaryňyz hemişe toýlara ýazylsyn!» diýen ýaly ýagşy dilegleri edýär. Bu bolsa sahawatly saçagyny göwni ýaly giňden açan adama egsilmez rysgal-bereket dilemegi, onuň öýüniň, maşgalasynyň abat bolmagyny aňladýar. Halkymyzyň saçak ýazmagynda şeýle çuň we uly many bar. Myhmanyň öňünde saçak ýazylmagy birek-birege sarpanyň, sahawatlylygyň, gadyr-gymmatyň we päk ýürekliligiň alamatydyr. Türkmen üçin saçaga sarpa goýmak maşgala, ynsana hormat goýmagyň alamaty hasaplanylýar. Çünki her bir türkmen gelen myhmana saçak ýazmak arkaly oňa öz sylag-sarpasyny, yn

Ýaraşykly ak öýler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nesilbaşymyz Oguz han döwründe halkymyzyň durmuşyna ornaşan öý-ojak baradaky garaýyşlar barada çuň mazmunly söhbet açyp: «Çünki öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir. Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir» diýýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň demirgazyk künjeginde guruljak «Aşgabat-sitiniň» merkezinde Türkmeniň ak öýüniň şekilinde binanyň gurulmagy barada aýdanlary ähli halkymyzda buýsanç döretdi.