Saçaklaryňyz toýlara ýazylsyn!

4 Ýanwar 2021
3786

Saçak keramata, mukaddeslige deňelýär. Saçak egsilmez berekediň çeşmesidir, bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Çünki biz oňa Güneşe çalymdaş mele-myssyk çöregi dolaýarys. Saçagy mukaddeslige deňeýän pederlerimiz onuň başynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny hem döredipdirler. Türkmençilikde çagyrylmazdan öň saçak başyna gelmeklik, saçak başynda eliňi ýere diräp oturmaklyk, nahary çep eliň bilen iýmeklik halanylmaýar. Bu talaplar dürli yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen ýaş nesillere öwredilipdir. Saçak başynyň kadalary perzentleriň ýaşlygyndan gursagyna guýlup, aňyna berk ornap, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimizde-de derwaýyslygyny ýitirmän gelýär.

Halkymyzyň saçak ýazmak ýörelgesi gelen myhmana goýýan çäksiz hormatyny aňladýar. Myhman hem özüne edilen hezzet-hormata: «Saçagyň berekedi artsyn!», «Saçaklaryňyz hemişe toýlara ýazylsyn!» diýen ýaly ýagşy dilegleri edýär. Bu bolsa sahawatly saçagyny göwni ýaly giňden açan adama egsilmez rysgal-bereket dilemegi, onuň öýüniň, maşgalasynyň abat bolmagyny aňladýar. Halkymyzyň saçak ýazmagynda şeýle çuň we uly many bar. Myhmanyň öňünde saçak ýazylmagy birek-birege sarpanyň, sahawatlylygyň, gadyr-gymmatyň we päk ýürekliligiň alamatydyr. Türkmen üçin saçaga sarpa goýmak maşgala, ynsana hormat goýmagyň alamaty hasaplanylýar. Çünki her bir türkmen gelen myhmana saçak ýazmak arkaly oňa öz sylag-sarpasyny, ynsanperwerligini görkezýär.

Jansuluw IŞANOWA,
Döwletli etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphana müdiri.