Jebisligiň hem abadançylygyň ýoly
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilen Watanymyzda ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurduň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak, ildeşlerimizi sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýärler.