Sagdyn durmuşyň gözbaşy

23 sagat öň
16

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň peýdalydygy hemmämize mälim hakykatdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň ähmiýeti bilen baglanyşykly geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri sportuň peýdaly häsiýetleri babatda täze hakykatlary ýüze çykarýar.

Dürli ýurtlarda geçirilen barlaglaryň netijeleri köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň toparlaýyn görnüşleriniň uzak ýaşamak babatda has ähmiýetlidigini görkezýär. Şu pikirden ugur alynsa, tennis, badminton, woleýbol, futbol ýaly sport görnüşleri ylgawdan, suwda ýüzmekden has peýdalydyr. Hatda sagaldyş maşklaryny köpçülik bilen bilelikde ýerine ýetirýän adamlaryň bedenterbiýe bilen ýekelikde meşgullanýanlara garanyňda ortaça 1,5 ýyl töweregi uzak ýaşaýandygy ylmy tejribeler tarapyndan tassyklanandyr. Beýik Britaniýada talyplaryň arasynda geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, sportuň toparlaýyn görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň ruhy taýdan has sagdyn bolýandygy ýüze çykarylypdyr.

Taýýarlan Ahmet AHMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.