I. Bäsleşigiň maksady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy,
däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edilýär.