Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

16 Ýanwar 2023
1178

7-nji gün. Bäşinji düşelge. Magtymguly şäheri.

Daýna obasynyň arçynlygynyň ýanyndan 6:30-da ugraýan awtobusa ýetişmek üçin 05:05-de turdum. Zirk şerbetinden ýanymda getiren suwly çüýşäme guýup berdiler. Eý-how, juda şirin tagamy bar-la! Içip julk bolup gitdim. Mesge, ýumurtga, ary bal, gyzgyn çörek hem-de gara çaý (Balkan we Daşoguz tarapy gara, süýtli gara çaý içegen bolýar) salypdyrlar. Hoşlaşyp ýola düşdüm. Ýadymdan çykmanka belläp galaýyn: bu ýeriniň sygyrlary juda özbaşdak. Ir bilen özleri otlamaga gidýärler, tirkeşipjigem öz belli sagadynda dolanyp, ýataklaryna gelýärler. Hiç kimiň idemegine zerurlyk ýok, tagmalaryndan kimiňkidigi bilnip dur, aslynda özlerem ýataklaryny
saýgarýarlar.

Aýjemal GURBANOWA,
BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky sanly aragatnaşyk boýunça hünärmeni.