Garagulak

3 Awgust 2022
4236

Garagulak ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir, ol tebigatymyzdan «Ýitip barýan görnüş» diýlip hasaba alnan ýyrtyjy haýwanlaryň biri bolup durýar. Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, şeýle hem Ýitip ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň sanawyna girizilendir. Garagulak ortaça ululykdaky pişik, bedeniniň uzynlygy 70 — 75 santimetr, guýrugy 30 santimetre çenli, kellesi uly, göwresi gysga, aýaklary gysga berdaşly, sütügi gysga, gür tüý örtükli, meneksiz we zolaksyz birsydyrgyn gyzylymtyl-çypar reňkli, çägepisint bolýar, gözüniň burun tarapyndan aşaklygyna goňurrak zolak gaýdýar, dodaklary, alkymy, bokurdagy, boýnunyň ýokarsy ak reňkli, gulaklary hemişe dim-dik durýar, gulagynyň yz tarapy gara bolýar.

Ol gandymly, çerkezli, sazakly çägeliklerde gyrymsy agaçlar bilen berkeşen we ýarym birleşen alaňly gumlarda, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklarda, selçeň pisse agaçly ýerlerde, derýa boýlarynda ýekebara ýaşaýar, ösümliksiz, giň meýdanly sähra düzlüklerinden gaça durýar. Bu pişik biziň ýurdumyzdan gaýry Gazagystanyň günorta çetinde, Owganystanda we Eýranda ýaşaýar.

Rustam ÝAKUBOW.