Türkmenistanyň gaz pudagyny ösdürmekde ylmy esaslar

29 Mart 2022
1897

Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi häzirki zaman innowasiýasyna we bazar ykdysadyýetine daýanmak bilen, kabul edilen döwlet maksatnamalaryndaky öňe sürülýän ugurlaryň esasynda kesgitlenilýär.

Munda nebitgaz pudagy barada aýdylanda, esasy maksatlaryň hataryna nebit we gaz känleriniň geologik ýaýraýyş kanunalaýyklygyna esaslanyp, olaryň täze ýataklaryny gözläp tapmak we barlag-agtaryşlaryny geçirmek, senagat gorlary bilen üpjün etmek, özleşdirmäge girizmek, uglewodorodlary (nebit we tebigy gaz) we olar bilen ugurdaş çykýan peýdaly maddalary talap edilýän mukdarynda we hilinde gazyp çykarmak, olary gaýtadan işlemek, içerki hem-de daşarky bazarlara ýerlemek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak işlerini amala aşyrmakda maliýeleşdirmegi we innowasion çemeleşmeleri, degişli guramaçylyk gurluşyny we kanunçylygyny kämilleşdirmek, hünärmenleriň kär derejesini artdyrmak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak hem-de beýleki meseleler degişli bolup, oňyn çözülmeginiň üpjün edilmeginden ybaratdyr.

Baýrammyrat PIRNIÝAZOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory.