Bagtyýarlyk badalgasy

17 Fewral 2022
998

Ajaýyp zamanamyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň sagdyn ösmegi, dünýäniň öňdebaryjy derejelerine kybapdaş çuňňur bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredildi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek turuwbaşdan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi netijesinde bu günki gün ýurdumyzda berilýän bilimiň hili düýpgöter özgerdi.

Beden we ruhy taýdan sagdyn, ýokary başarnyklara eýe bolan, ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan täze nesliň kemala gelmegi döwrüň öňde goýýan möhüm talabydyr. Hut şonuň üçin hem ähli pudaklarda, aýratyn-da, ylym-bilim, ykdysadyýet ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy giňden ornaşdyrylýar.

Atamyrat ATAÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.