GUŞ ETINDEN TAÝÝARLANAN ÖNÜMLER bagtyýar halkymyzyň Täze ýyl baýramynda bereketli saçaklary bezär

28 Dekabr 2021
2867

Her bir döwletli ojakda sabyrsyzlyk bilen garaşylyp, uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Nesip bolsa, täze — 2022-nji ýyl hem her bir maşgalada dürli naz-nygmatlardan doldurylan bereketli saçagyň başynda, agzybirlik bilen garşylanar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Zere Ibragimowa bolsa bu bereketli saçaklara süýji tagamly hind guşunyň etinden taýýarlanan önümleri hödürlär. Çünki ol ýurdumyzda ilkinji bolup, hind guşunyň etini öndürip başlan döwrebap toplumyň gaýtadan işleýän bölümine ýolbaşçylyk edýär. Gelin-gyzlaryň ýüzlerçesini birleşdirýän bu bölümde hind guşunyň etinden ýarymfabrikatlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar.

— Ýarymfabrikatlar öý bikesine ep-esli ýeňillikleri döredýär. Ýagny biziň öz işine ussat zenanlarymyz börek, manty, kotlet ýaly dürli tagamlary gazana ataýmaly edip taýýarlap, dürli reňkli owadan gaplara gaplaýarlar hem-de ýörite sowadyjylarda doňdurýarlar. Olaryň gaplarynda taýýarlanyş usullary, saklanyş şertleri we ýaramlylyk möhleti görkezilen. Meselem, kotleti doňuny aýyrmazdan gyzgyn saja goýup, haýal ýanýan otda her tarapyny 2 minut gowurmaly, soňra ody peseldip, ýene üç minut goýmaly, otdan aýryp, 2 minut buguna goýsaň, naharyň taýýar. Böregiň, mantynyň elde amal edilmegi tagamyň has süýji hem harytlyk görnüşiniň owadan bolmagyna getirýär — diýip, telekeçi zenan bizi bölümde işläp duran zenanlaryň ýanyna alyp bardy.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».