Arkadagly döwrüň sahawaty

28 Dekabr 2021
1702

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda yglan edilen «Sahawatly söwda» çäresi ildeşlerimiz üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy. Onda-da nähili ajaýyp sowgat! Aslynda, «Sahawatly söwda» arzanladyşy milli Liderimiziň watandaşlarymyza bagyşlan baýramçylyk sowgatlarynyň diňe bir bölegi. Ilki-hä, aý gutarmanka, dekabr aýynyň hem zähmet hakyny elimize aldyk. Soň ähli söwda merkezlerindäki harytlaryň bolçulygy gözümizi dokundyrdy. «Sahawatly söwda» bolsa bu sanan gowulyklarymyzyň üstüni ýetirdi. 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda watandaşlarymyz şäher awtobuslarynyň hyzmatyndan hem mugt peýdalanarlar. Bu sanawa gyzykly şüweleňleri, ýatdan çykmajak dabaralary, içi naz-nygmatly Täze ýyl sowgatlaryny hem goşup bolar. Şular barada oýlananyňda, gaýtadan çagalyga dolanyp, Aýazbaba hat ýazan hem bolsak, munça gowulygy, munça sowgady serimize getirip bilmezdik diýýärsiň. Ajaýyp döwrümiziň bu günki eçilenleri arzuwlardan has zyýada...

Gyzgalaňly söwda

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.