«Sahawatly söwda»: 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladyş!

27 Dekabr 2021
1950

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, her bir baýramçylygy şatlyk-şowhunly belläp geçmegi üçin uly tagalla edýär we bu babatda ähli mümkinçilikleridir şertleri döredýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyò 25-nji dekabryndan 2022-nji ýylyò 1-nji ýanwary aralygynda harytlaryň dürli görnüşine islegleri kanagatlandyrmak we olaryň has-da elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, harytlar 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan bahalardan satylýar. Şunuň bilen baglanyşykly «Sahawatly söwda» çäresi guralýar.

Bu çäre Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda geçirilýär.