«Pantone» 2022-niň reňkini yglan etdi

27 Dekabr 2021
1995

Her ýy­lyň de­kabr aýyn­da Ame­ri­ka­nyň «Pan­to­ne» reňk­ler ins­ti­tu­ty gel­jek ýy­lyň esa­sy reň­ki­ni kes­git­le­ýär. Ins­ti­tu­tyň kes­git­läp, yg­lan eden reň­ki gel­jek ýyl­da ön­dü­ril­jek trend önüm­le­riň maz­mu­ny­ny be­zär. 2021-nji ýy­lyň reň­ki­ni açyk sa­ry we so­wuk çal reňk di­ýip kes­git­län reňk­ler ins­ti­tu­ty, 2022-nji ýy­lyň trend reň­ki­ne dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­di, has anyk bel­le­sek, ins­ti­tut dö­re­di­le­ni bä­ri ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek gel­jek ýyl üçin ar­hi­win­de top­la­nan reňk­ler­den hö­dür­le­män, düý­bün­den tä­ze bir reňk dö­ret­di. «Very Pe­ri 17-3938» (Örän owa­dan) at bi­len bel­gi­le­nen la­wan­da gü­lü­ni ýat­lad­ýan bu reňk gök öwüs­ýän ma­wy reň­kiň to­ny bi­len ga­ryş­dy­ry­lyp, öz­bo­luş­ly öwüş­gi­ni bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Pan­to­ne» reňk­ler ins­ti­tu­ty­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Leat­ris Eýs­man ins­ti­tu­tyň res­mi saý­tyn­da (www.pan­to­ne.com) tä­ze reň­kiň aý­ra­tyn­ly­gy ba­ra­da şeý­le be­ýan ed­ýär: – Hä­zir­ki dö­wür­de adam­lar dün­ýä baş­ga­ça ga­ra­ýar­lar, şo­nuň üçin tä­ze reň­ki dö­ret­mek mö­hüm­di. «Very Pe­ri» ady­ny alan bu reňk gök ton­la­ryň için­de öz­bo­luş­ly bagt­ly­ly­gy we my­la­ýym­ly­gy bi­len saý­lan­ýar. Gö­güň aşa­gyn­dan öwüs­ýän ma­wy to­nuň ga­ryl­ma­gy, gö­ren­ler­de tä­ze­çil­li­ge hö­wes duý­gu­sy­ny dö­red­ýär, bi­ziň göz­le­gi­miz hem tä­ze­lik. Ol bi­ziň hä­zir­ki in­no­wa­si­ýa­lar za­ma­na­sy­na ge­çiş döw­rü­mi­ziň ru­hu­ny hä­si­ýet­len­dir­ýär.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, «Pan­to­ne» reňkler ins­ti­tu­ty 1963-nji ýyl­da ABŞ-da dö­re­di­lip, ol dün­ýä­de bo­lup geç­ýän ten­den­si­ýa­la­ra gö­rä, reňk­le­riň stra­te­gi­ýa­sy­ny çak­la­ma­ga, dür­li pu­dak­lar­da­ky önüm­çi­lik­ler üçin reňk­le­riň anyk gör­nü­şi­ni kes­git­le­ýän pa­lit­ra­ny dö­ret­mä­ge ýö­ri­te­le­şen göz­leg-der­ňew mer­ke­zi­dir. Mer­ke­ziň bö­lüm­le­rin­de we bar­lag­ha­na­la­ryn­da dö­re­di­len reň­kiň ke­ra­mi­ka we me­tal önüm­ler­de, sin­te­ti­ka we nah ma­ta­lar­da, po­lig­ra­fi­ýa­da üýt­geý­şi­ni anyk­la­ýan ka­ta­log­lar dö­re­di­lip, on­da bir reň­kiň bir­nä­çe to­ny bel­gi­len­ýär. Bu iri ame­ri­kan gu­ra­ma­sy glo­bal mar­ka­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk edip, önüm­le­riň di­zaý­nyn­da reň­kiň güý­jü­ni we psi­ho­lo­gi­ýa­sy­ny ne­ti­je­li ulan­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, «Pan­to­ne» reňk­ler ins­ti­tu­ty her ýy­lyň ýaz hem güýz pa­syl­la­ryn­da Nýu-Ýork­da we Lon­don­da ge­çi­ril­ýän mo­da hep­de­li­gin­de gel­jek möw­süm­de mo­da­lar öýi üçin egin-eşik­ler­de, ýüz bo­ýag be­zeg­le­rin­de (ma­ki­ýaž­lar­da), in­ter­ýer­de we di­zaýn­da iň mo­da reňk­le­ri çak­la­ýan ýö­ri­te ha­sa­ba­ty hö­dür­le­ýär. Möw­sü­miň ha­lan­jak reňk­le­ri­ni saý­la­mak ba­bat­da ins­ti­tu­tyň hü­när­men­le­ri meş­hur mo­da öý­le­ri­niň reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yzar­la­ýar­lar, şeý­le hem sarp edi­ji­le­riň is­leg­le­ri­ni we jem­gy­ýe­tiň ta­lap­la­ry­ny anyk­la­mak üçin göz­leg ge­çir­ýär­ler. Ýyg­na­lan mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, ýa­kyn aý­lar­da haý­sy reňk­le­riň trend­de bol­jak­dy­gy ba­ra­da ne­ti­je çy­kar­ýar­lar.

Şi­rin Şir­li­ýe­wa
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si