Ylymda yz goýup, tapdy kemaly

15 Noýabr 2021
2830

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym ýolunda yz galdyran halypalaryň asylly däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda hem uly aladalar edilýär. Ykbalyny ylma bagyş edýän alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Şeýle alymlaryň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Agamämmet Ýazmyradow.

Ol ady agzalan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, bu ýerde zähmet ýoluna başlaýar. 1990—1993-nji ýyllarda Moskwa şäherindäki Russiýanyň Bilim akademiýasynyň umumybilim berýän mekdepleri institutynyň rus dilini okatmak merkezinde aspiranturada okady. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, sözleriň gelip çykyşynyň taryhyny öwrenýän alym Nikolaý Maksimowiç Şanskiniň ýolbaşçylygynda «Häzirkizaman rus dilinde işlikleriň leksika-semantik usul bilen ýasalyşy» diýen mowzukdan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady we filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy. Ençeme ýyllap okalan kitaplar, bilim edaralarynda geçirilen tejribeler alymy täze gözleglere atardy. Agamämmet mugallym şondan soň türkmen diliniň sözleriniň many köklerini içgin öwrenip başlady. Ol häzir «Türkmen dilinde sözleriň gelip çykyşyny öwrenmegiň meseleleri» diýen mowzugda doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.