Döwrebap mümkinçilikler döredilýär

28 Oktýabr 2021
1710

Hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dur­muş ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak ba­bat­da düýp­li iş­ler alnyp baryl­ýar. San­ly ul­ga­ma üs­tün­lik­li geç­mek üçin ýurt­da yg­ty­bar­ly hu­kuk we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýat we ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak hem-de umu­my san­ly gur­şa­wy dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler has-da çalt­lan­dy­ryl­dy. Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bi­lim ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li we mak­sa­da ok­gun­ly kä­mil­leş­dir­mek hem-de in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak iş­le­ri hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bol­ýar.

Şeý­le giň ge­rim­li san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen, hä­zir­ki za­ma­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­jeň öz­leş­dir­mä­ge ukyp­ly nes­liň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de bir­nä­çe mö­hüm iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin uzak ara­lyk­dan hü­när bi­li­mi­ni ber­mek usul­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar. San­ly bi­lim por­ta­ly­ny dö­ret­mek­de, ylaý­ta-da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler.

Ogul­bi­ke MÄ­MI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.