Halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürip

26 Oktýabr 2021
1741

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirip, Türkmenistan iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy berkidýär.

Halkara ylmy mümkinçilikleriň ösdürilmegi gönüden-göni ylmy merkezleriň, ylmy-barlag institutlaryň özara hereket etmegine, degişli ugurlar boýunça alymlaryň we bilermenleriň bilelikde iş alyp barmaklaryna baglydyr. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Nabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri.