Dünýäniň iň iri çip öndüriji kompaniýasy «Taiwan Semiconductor Manufacturing» 2022-nji ýylyň başynda Ýaponiýada ilkinji zawodynyň gurluşygyna badalga berer. Indiki ýyl gurluşygyna başlanyljak çip zawody 2024-nji ýylyň ahyrynda önümçilige doly girişer. Ozal habar berlişi ýaly, «Taiwan Semiconductor Manufacturing» kompaniýasy täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň önümçiligine üç ýylda ABŞ-nyň 100 milliard dollary möçberinde maýa goýum goýar. Şeýle-de kompaniýa ABŞ-da hem-de Ýewropada önümçilik kärhanalaryny gurmagy meýilleşdirýär.