Özgertmeler ösüşleriň özeni

22 Oktýabr 2021
1597

Soňky ýyllarda «sanly ykdysadyýet» adalgasy biziň durmuşymyza giňden aralaşdy. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada düşünjelerimiziň has-da çuňlaşdyrylmagyny talap edýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmegiň baş şerti hökmünde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmegiň derwaýysdygyny belleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin alnyp barylýan düýpli özgertmeler bolsa bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän bu ulgama geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi hem, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hünärmenleriň sanly ulgam, sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli ugurlary sanlylaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar.

Güljemal ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.