Ça­ga­lar bi­ziň gel­je­gi­mizdir

14 Oktýabr 2021
2205

Jem­gy­ýet maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Her hal­kyň öz ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­si maş­ga­la düz­gün­le­ri, ene-ata­nyň ça­ga­la­ry­nyň il-gü­nüň öňün­dä­ki bor­jy bi­len kes­git­le­nil­ýär. Ha­wa, türk­men hal­ky hem per­zent ede­bi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­nyň berk hem kä­mil bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz gel­jek­ki ne­sil­le­ri ha­kyn­da çyn­la­kaý ala­da eden­di­gi­ni, ola­ryň akyl­ly-baş­ly ýe­tiş­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär. Çün­ki per­zent adam­za­dyň er­ti­ri­dir. Şu gün bi­len gel­je­giň ara­sy­ny bag­la­ýan köp­rü­dir.

Her bir ça­ga­nyň il­kin­ji mu­gal­ly­my ene-ata­sy bol­mak bi­len, ça­ga şo­lar­dan gö­re­ni­ni öw­ren­ýär, eşi­de­ni­ni ýa­dyn­da sak­la­ýar. Ene-ata ça­ga­nyň edep-ter­bi­ýe­si­niň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň üçi­nem ne­sil ter­bi­ýe­si­ne ýüz­le­ne­ni­miz­de, ola­ryň öz­bo­luş­ly dün­ýä­si­ne gö­rä çe­me­leş­mek ze­rur­dyr. Ola­ry ki­tap­lar bi­len dost­laş­dyr­mak, bi­lim­li, edep­li, ter­bi­ýe­li ýaş­lar edip ýe­tiş­dir­mek her bir ata-enä­niň bor­ju­dyr. Çün­ki ça­ga­lar bi­ziň gel­je­gi­miz­dir.

Ene­jan GEN­JI­ÝE­WA,
Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Now­ça» at­ly 32-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­si.