Maşgala — ýaşaýşyň binýady

13 Oktýabr 2021
2226

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ähli döwürlerde hem däp-dessurlara, edim-gylymlara, ynam-ygtykatlara eýerip ýaşandygyny görmek bolýar. Maşgala — türkmeniň döwletliliginiň, agzybirliginiň, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň binýadydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu düşünjä uly ähmiýet berilýär. Maşgalada ata-enäniň orny, olaryň çaga terbiýesindäki borçlary, perzentleriň olara bolan hormat-sylagy aýrylmaz bitewüligi kemala getirýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda maşgala düşünjesine gymmatlyk hökmünde garalyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Maşgala hakynda ykdysadyýet, hukuk, etika, psihologiýa, pedagogika ylymlarynda öwrenilip geçilmeginiň maksady hem şu nukdaýnazara daýanýar. Bularyň her biri öz ugruna laýyklykda maşgalanyň — hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýandygy mälimdir.

Maşgala adam şahsyýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ruhy özenidir, hamyrmaýasydyr. Şol sebäpli-de maşgala Watan içre Watan hasaplanylýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we höwes-islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Maşgalada adam durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli wajyp zatlary we özüňi alyp barşyň nusgasy dogrusynda düşünje alýar. Ata-eneleriň ündewleri we düşündirmeleri, olaryň göreldesi, öýüň umumy durmuş ýagdaýy, maşgala düzgüni çagalykdan aňymyza guýulýar. Bu bolsa halkymyzyň maşgala gatnaşyklaryna, onuň agzybirligine, ata-enäniň perzent öňündäki we perzentleriň ata-enäniň öňündäki borçlaryna uly üns berip gelýändiginiň ykrarnamasydyr.

Mergenmuhammet AMANSEÝIDOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.