Köp mak­sat­ly uç­ýan en­jam

8 Oktýabr 2021
1839

  Teh­no­lo­gi­ýa­nyň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de döw­re­bap uçar­lar di­ňe ýo­lag­çy gat­nat­mak üçin däl, eý­sem, baş­ga-da dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Adaty uçar­lar adam ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan dür­li ulu­lyk­da­ky uç­ýan en­jam­lar hem az däl. O di­ýen uly bol­ma­dyk uç­ýan en­jam­la­ra dron di­ýil­ýär. Bu en­jam­lar, esa­san, gu­şu­çar be­lent­lik­den Ýer ýü­zü­niň su­ra­ty­ny al­mak, ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak, ki­çi göw­rüm­li ha­ryt­la­ry da­şa­mak, oba ho­ja­ly­gyn­da ekin ek­mek ýa-da der­man sep­mek ýa­ly iş­ler­de peý­da­la­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa bu en­jam­lar gi­je­si­ne dür­li yşyk­ly şü­we­leň­le­ri gur­a­mak üçin hem ula­ny­lyp baş­lan­dy. Şeý­le dron­lar ýö­ri­te komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry ar­ka­ly öza­ra «dü­şü­ni­şip», saz­la­şyk­ly iş­le­ýär­ler. Ma­ha­bat, tä­ze ha­ry­dyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy ýa-da bel­li se­ne­le­rde we baý­ram­çy­lyk­lar­da dür­li şü­we­leň­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len hem ula­nyl­ýan bu en­jam­lar eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýär. Adat­ça LED yşyk­lan­dy­ry­jy in­di­ka­tor en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len dron­la­ryň aja­ýyp şü­we­le­ňi, esa­sa­nam, gi­je­le­ri­ne ge­çi­ril­ýär. Dron­lar ho­wa­da saz­la­şyk­ly he­re­ket ar­ka­ly dür­li şe­kil­le­ri eme­le ge­ti­rip bil­ýän­di­gi se­bäp­li, kä­ha­lat­da fe­ýer­werk­le­riň ýe­ri­ne hem ula­nyl­ýar. Şeý­le dron­lar ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:
Il­kin­ji ge­zek 2012-nji ýyl­da Awst­ri­ýa­nyň Lins şä­he­rin­de «Ars Electro­nica Fu­tu­re­lab» la­bo­ra­to­ri­ýa­sy SPAXELS at­ly 49 dro­ny ula­nyp, dür­li reňk­li dron şü­we­le­ňi­ni geçirdi.
Şu ýy­lyň mart aýyn­da Şan­haý­da ge­çi­ri­len şü­we­leň­de 3 281 dron bir­wagt­da ula­ny­lyp, ho­wa­da­ky iň köp pi­lot­syz uçar hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­izildi. Bu şü­we­leň­de Ko­reýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Hyundai» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­lik ed­ýän «Ge­ne­sis» bren­di­niň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy.
Pi­lot­syz gör­ke­ziş­ler, adat­ça, dron­la­ryň bel­li bir şe­ki­li we ny­şa­ny düz­mek, bel­le­nen ugur­da he­re­ket edip ho­wa­da dür­li şe­kil­le­ri eme­le ge­tir­mek, bu tä­sir­li çy­kyş­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de bi­ri-bir­i­ne ça­kyş­maz­dan ama­la aşyr­mak uky­by­ny gör­kez­ýär. Bu bol­sa, örän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa ta­lap ed­ýär.
Il­kin­ji uç­ýan en­jam­lar 1850-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da peý­da bol­ýar.
Uzyn­ly­gy 24 we ga­nat­la­ry­nyň ge­ri­mi 18 metr bo­lan «Ravn X» dün­ýä­niň iň uly pi­lot­syz uça­ry ha­sap­lan­ýar. Pi­lot­syz uçar ki­çi­räk eme­li hem­ra­la­ryň Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­sy­na ibe­ril­me­gi üçin peý­da­la­nyl­ýar.
Gö­ni ýaý­lym we wi­deo ýaz­gy­lar üçin ula­nyl­ýan 1,5 dýuým­dan uly bol­ma­dyk «Axis Vidius» dün­ýä­niň iň ki­çi dro­ny ha­sap­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da uçar­man­syz gur­luş­la­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly ug­le­rod sü­ýüm­li kom­po­zit­ler­den ýa­sal­ýar. Bu ma­te­ri­al ýe­ňilligi we berk­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Dün­ýä­dä­ki iň çalt pi­lot­syz uça­r «DRL RacerX» ha­sap­lan­ýar. Onuň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 289 ki­lo­met­re ýet­ýär.
Ki­çi dron­la­ryň öl­çe­gi 250 gram­dan 2 ki­log­ra­ma çen­li, or­ta­ça­la­ry­nyň­ky 2-25 ki­log­ram, ulu­rak­la­ry­nyň­ky 25-150 ki­log­ram we has ulu­la­ry­nyň­ky bol­sa 150 ki­log­ram­dan gow­rak bol­ýar.
Ýag­ty­lyk bi­len şü­we­leň­le­ri gör­kez­mek üçin ula­nyl­ýan dron­lar ýe­ňil bo­lup, olar ba­ta­re­ýa­dan, LED çy­ra­lar­dan we GPS sen­sor­lar­dan dü­zü­len­dir.