Mähir akabasy

3 Oktýabr 2021
2737

Daň atyp, säher bilen guşlar hoş owazyna saýrap başlar welin, mähriban käbäm hem çalaja hiňlenip, mylaýym mukamy bilen kalplarymyza rahatlyk eçiler. Durmuşymyzyň manysy bolup ýaňlanýan käbelerimiziň bu ýakymly sesini, şirin mukamyny biz mydama diňlemäge teşne.

Çagalykda biziň ählimize asuda asmany, bereketli nuruny eçilip duran Güni, gür ýaprakly şahalaryny kölegeledip duran agaçlary, ganatyny ýaýyp uçýan kebelekdir guşlary, ajaýyp gülleri suratda şekillendirmek mahsusdyr. Elimize dürli reňkdäki galamlary alyp, surat çekenimizde, şol gözellikleriň arasynda, ilki bilen, ejemiziň we kakamyzyň elimizden tutup duran keşbini suratlandyrarys. Bu surat biziň üçin uly bir sungat eseri ýalydyr. Bu surat ene-ata söýgüsini, abadan maşgalany, agzybirligi, ajaýyp durmuşy aňladýan suratdyr. Şeýle suratlar her bir çaganyň aňynda maşgala bagtyýarlygyny suratlandyryp, enäniň mähir mukamynyň perzendiniň kalbynda ajaýyp duýgulary, ýaşaýşa söýgini, maşgala mukaddesligine sarpany terbiýeleýändigini görkezýär.

Tirkişgeldi ORAZMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.