Maşgala — berk binýat

3 Oktýabr 2021
3126

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň şertler döredilýär. Çünki maşgala jemgyýetiň özeni bolup, oňa möhüm durmuş we terbiýeleýjilik orny degişlidir. Maşgalanyň jebis, agzybir binýatda kemala gelip, mukaddes ojakda sagdyn, päk ahlakly, gowy terbiýeli, okamaga, hünär öwrenmäge höwesli nesilleriň ýetişdirilmegi jemgyýetde ykdysady we durmuş ösüşiniň tizleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala ilkinji terbiýe mekdebidir» diýip belleýär we maşgala, onuň sütünlerini pugtalandyrmak, türkmen maşgalasynyň maddy abadançylygyny gowulandyrmak hakynda aýratyn alada edýär.

Döwletimizde maşgalanyň, enäniň, çaganyň hemmetaraplaýyn kanun goraglylygyny üpjün edýän, hukuklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň giden topary hereket edýär. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Maşgala Kodeksinden hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Gurbansoltan ANNAÝEWA,
Sarahs etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.