Mukaddeslige deňelýän ojak

13 Sentýabr 2021
2072

Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, ol döwletiň ösüşine özüniň aýratyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanda diňe raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgysy edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär. Maşgalanyň hukuklary kanun esasynda goralýar.

Ýurtbaştutanymyz: «Maşgala näçe berk boldugyça jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar» diýip bellemek bilen, eziz Diýarymyzda her bir maşgalanyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy, enäniň we çaganyň ygtyýarlyklarynyň döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagy, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şuňa laýyklykda her bir türkmen maşgalasynyň agzalarynyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär.

Ziýada HAJYÝEWA,
Dänew etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.