Myhmansöýerlik däbi

13 Sentýabr 2021
2076

Halkymyzyň myhmansöýerlik däbi durşy bilen mekdepdir. Ony öwrenmek we ýaşlara öwretmek uly ähmiýete eýe. Bu babatda biziň üçin Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasy gollanmadyr. Ajaýyp eseriň «Myhmansöýerlik» atly bölüminde halkymyzyň myhmansöýerlik däbi bilen baglanyşykly edim-gylymlar, däp-dessurlar dürli rowaýatlaryň üsti bilen beýan edilýär. Gymmatly eserde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz myhmany kabul edeniňde, ýerine ýetirmeli birnäçe däp-dessurlary döredipdirler. Myhmany kabul etmegiň ilkinji şerti bolsa açykgöwünlilik we gülerýüzlilikdir. Gelen myhman bilen gadyrly salamlaşylyp, hal-ahwal soraşylypdyr. Myhmanyň eli ýuwdurylyp, töre geçirilipdir. Oturjak ýerine ýörite niýetlenilen düşekçeler ýazylyp, duz-çörek hödür edilipdir. Myhman biraz garbanyp, dem-dynç alýança, onuň hormatyna dürli tagamlar taýýarlanylypdyr. Soňra myhmanyň habary alnyp, sözi diňlenilipdir.

Myhman ugradylyp, hoşlaşylanda bolsa öý eýesiniň eden hyzmatyna hoşallygyny bildirmek üçin «Sag boluň!», «Sag oturyň!», «Bereket bersin!», «Eden hezzet-hormatyňyz üçin sag boluň!» diýip, ýagşy dilegler edilýär. Öý eýeleri bolsa: «Saglykda görşeliň!», «Gelip duruň!», «Toýda duşuşalyň!» ýaly ýagşy dilegler bilen jogap berip, myhman ugradylýar.

Aýbölek REJEPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.