Çagalaryň ata-enelerine maslahatlar

11 Sentýabr 2021
2298

Çaganyň ilkinji sapar mekdebe gitmegi guwandyryjy waka. Çaga bilen bilelikde okuw esbaplaryny, okuw eşiklerini satyn almak ony diýseň begendirýär. Ol: “Haçan okuw başlar” diýip garaşyp gezýär. Sentýabr aýy gelýärem weli, çagajyk ýantorbasynyň içindäki ähli okuw esbaplaryna guwanyp, mekdebe höwes bilen gatnap başlaýar. Ilkinji jaň, ilkinji mugallym, birnäçe nätanyş deň-duşlar... Käbir çagalaryň aljyrap, ruhdan düşmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji synpa gidýän çaganyň maşgalasynda-da kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar. Käbir alçak çagalar mekdep bilen basym öwrenişip, maşgalasynda hiç hili kynçylyk ýüze çykmaýar. Mekdebe gatnap başlamagy bilen, çaga sizden hem tanymal, ynamdar adam (ýagny mugallym) bar diýip pikir etmegi mümkin. Siz bu ýagdaýa gynanmaň! Çaga pikirini goldaň! Çaganyň mekdebe gitmegi bilen, käbir ata-eneler, boş goýmajak bolup, olara gezmäge, oýnamaga wagt bermezlige çalyşýarlar. Bu bolsa belli bir derejede çaganyň saglygyna zyýanly. Şeýle ýagdaýda çaganyň nerw ulgamynda näsazlyklaryň ýüze çykmagy mümkin.

Birinji synpa gidýän çagany şol bir wagtda täze sport ýa-da beýleki gurnaklara bermekden saklanyň! Birinji synpa gitmegiň özi hem çaga üçin uly duýgy. Eger-de dürli sport ýa-da saz gurnaklaryna gatnatmak isleseňiz, muny çaga okuwa başlamazdan bir ýyl öň ýa-da ikinji synpa geçende meýilleşdiriň! Ýatdan çykarmaň, çaga 10 — 15 minut ünsli bolýar. Öý ýumuşlaryny bilelikde ýerine ýetirmek isleseňiz, her 10 — 15 minutdan arakesme ediň! Fiziki maşklary ýerine ýetiriň ýa-da çaganyň gowy görýän aýdymynda birazrak tans edip, bökmegine rugsat beriň! Öý ýumuşlarynyň, ilki bilen, ýazuw görnüşinden başlaň! Mümkinçilik bolsa, ikisini gezekleşdiriň! Umumy sapagyň dowamlylygy 40 — 45 minutdan geçmeli däl. Hünärmenleriň maslahaty netijesinde, kompýuter, telewizor, smartfon ýa-da beýleki göze agram salýan islendik tehnologik enjamlara seretmegiň dowamlylygy bir sagatdan artyk bolmaly däldir.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.