Çaga eziz, edebi ondanam eziz

8 Sentýabr 2021
2297

Şol gün ýa-ha hut onuň özi seni ýatyran däldir, ýa-da onuň ýatan wagty döredijilik bilen meşgullanaýyn diýensiň-de, özüň giç ýatyp, irem horazlaryň ýa-da sagadyň sesine turup bilen dälsiň. Garaz, isle onuň gülki sesine, isle ajygansoň aglaýan ýa-da doganjyklaryň arasyndaky sene-menäniň sesine, tapawudy ýok, çagajyklaryň sesine oýanmak dünýädäki iň ýakymly duýgularyň biridir.

Diňe bir ýakymlam däl, ähmiýetli duýgam ol. Çünki ol çagajyk şeýle asuda döwletde, bagtyýar zamanada ýaşansoň, aglasa, ýa ajygyp aglaýandyr ýa-da büdrändir, ýa bolmasa doganjygyndan kömek hantama bolup aglaýandyr. Seňem şu zatlara akylyň ýetip duransoň, turanyňda aladaly turmarsyň. Ýeriňden galarsyň-da, ajyganyny naharlarsyň, ýykylanyny köşeşdirersiň. Soňam olaryň bagtlydygy, bagtyýar döwürde kemala gelýändikleri, pikirleniş ukyplarynyň ösendigi, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýandyklary, olaryň terbiýelenýän bakja-baglarynda, okaýan mekdeplerinde ähli mümkinçilikleriň döredilendigi hakda oýlanyp buýsanarsyň. Bularyň ählisi üçin bolsa halkyny döwür bilen aýakdaş alyp barmakda umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözleriň zybana geler. Dogrudan-da, biz asuda asmanly, parahat ýaşaýyşly ýurduň eýesi. Mukaddes Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, bolelinligiň, parahatlygyň howasyndan dem almak ýaly uly bagta mynasyp halk biz. Biziň çagalarymyz, gör, nähili bagtly!

Güljan DURDYÝEWA,
žurnalist.