Ýakymly jümleler

2 Sentýabr 2021
2195

Çaganyň ene-atasy bilen arasyndaky gatnaşygy onuň bütin durmuş ýoluny kesgitleýär. Ruhubelent, özüne ynamly, maksada okgunly ynsany terbiýeläp ýetişdirmek üçin ene-atalar şu 6 sany jümläni çagalaryna günde aýtmalydyrlar.

1. Biz seni gowy görýäris. Iki ýaşly çaga bolsun, 15 ýaşly ýetginjek bolsun — islendik ýaşda ol özüniň gowy görülýänligini, gereklidigini bilmek isleýär. Bu sözleri eşitmek olarda özüne bolan ynamy döreder. Elbetde, sözler gury bolmaz ýaly, gowy görýändigiňizi görkezmek üçin boş wagtyňyzy çagalar bilen geçirmeli, olaryň aladalanýan meseleleri barada söhbetdeş bolmaly.

Taýýarlan Äşe SOÝUNOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.