Nesil terbiýesi — möhüm mesele

1 Sentýabr 2021
1963

Durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, çagalykda ene-atalarymyzyň biziň üçin edýän aladalaryna kän bir pitiwa bermeýän ýaly bolýarsyň, ýöne özüň ene-ata bolanyňda, bu zatlara aňry ýany bilen göz ýetirýär ekeniň. Durmuşda, maşgalada özüňden uly bar bolsa, onuň terbiýesi hem seniň gowy adam bolmagyňda uly orun tutýar. Haçanda öz hereketleriňe erk edip bilmän, säwlige ýol bereniňde, olar seniň ilkinji medetkärleriňdir. Maşgalada ene-atanyň öwüt-ündewleri bilen kemala gelen oglan-gyzlaryň edepliligini köpçülik ýerinde özüni alyp barşynda-da görmek bolýar. Mugallym hem çaganyň terbiýeli, ilhalar adam bolmagynda uly aladalar edýär. Olar bilen yzygiderli aragatnaşykda bolýar. Ýöne maşgalada görýän edep-terbiýesinden çaga uzaga gitmeýär. Perzendiň ogul bolsa, ata terbiýesine, gyz bolsa, ene göreldesine eýerýär.

Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden ýeňiljek işler buýrulyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Azajyk ulalandan soň, olara öý işlerine kömekleşmek, gyzjagazlara kir ýuwmak, işdäaçar taýýarlamak, özünden kiçi jigilerine seredişmek, tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak öwredilýär.

Şirin ANNAGELDIÝEWA,
Görogly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.