Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

18 Awgust 2021
2223

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary, özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny hem artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýetine eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Häzirki wagtda dünýäniň köpsanly ýurtlarynda tebigaty peýdalanmak we daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny kadalaşdyrýan ugur ykrar edilendir. Ekologiýa howpsuzlygy milli howpsuzlygyň düzüm bölegi bolup, ol ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna gatnaşýar. Başgaça aýdylanda, ekologiýa howpsuzlygy biziň durmuşymyza ymykly girdi, onuň zerurlygy we ähmiýeti ýylsaýyn artýar.

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny dolandyrmak işi döwletara gatnaşyklaryň esasynda, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki halkara guramalaryň derejesinde alnyp barylýar. Bu derejede daşky gurşawy biosfera möçberinde goramagyň halkara resminamalaryny kabul etmek, döwletara ekologik maksatnamalary amala aşyrmak, tebigy ýa-da antropogen häsiýetli ekologik betbagtçylyklary ýok etmek üçin hökümetara toparlary döretmek işleri alnyp barylýar. Ählumumy derejede birnäçe halkara möçberli ekologik meseleler oňyn çözgüde eýe boldy.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.