Mawy tolkunlaryň mukamy

11 Awgust 2021
1897

Ýap-ýaňyja bolup geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň çäklerinde geçirilen ägirt uly çäreler gadymy Hazaryň dost-doganlygyň mizemez mesgenidigini ýene-de bir gezek äşgär etdi. Halkara derejeli çäreler tamamlansa-da, onuň bizde galdyran täsirleri entekler ýatdan çykar ýaly däl. Gaýtam, ol ýakymly günleriň ýatlamalary bize şypaly deňiz suwy we onuň tebigy baýlyklary hakynda giňişleýin gürrüň bermegi salgy berýär.

Tomus paslynda, howanyň aşa gyzýan günlerinde ynsan göwni şypaly deňiz kenaryny küýseýär. Gojaman Hazaryň mawy tolkunlaryny synladygyňça, synlasyň gelýär. Göwnüňe bolmasa, dury suwuň ýüzünde peýwagtyna oýnaýan tolkunlaryň üstüne kümüş teňňeleri sepilen ýaly görünýär. Gözýetimiň aňyrsy-bärsi bilen ýylpylda öwrülip durşy, adamlary özüne maýyl edýär. Onsoň, tolkunlaryň pessaýja owazy tebigatyň täsin gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp bir mukam bolup eşidilýär. Owaza maýyl bolup oturyşyma, Hazaryň tebigy baýlyklary birlaý aňymda aýlandy.

Aknur ATAÝEWA,
«Nesil».