Hyzmatdaşlygyň altyn halkasy

21 Maý 2021
1493

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyzda halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden has alyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, ata Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda Akina — Anthoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkara ulag geçelgelerini döretmek baradaky taglymatynyň häzirki döwürde özüniň doly ykrarýetini gazanyp, onuň uly üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy iki döwletiň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň netijesi bolup durýar. Bu adamlaryň hal-ýagdaýlarynyň has-da gowulanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri möçberli daşarky maýa goýumlaryny çekmegiň örän möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Bu strategiýa Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň we olara ýanaşyk ýurtlaryň durnuklylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymy.