Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

20 Maý 2021
1524

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyny dünýäniň onlarça ýurtlaryndan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy.

Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Çykyşlarda pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýändigi nygtaldy.