Sporty hemra edinip

19 Maý 2021
1505

Harby bölümimizde çagyryş boýunça gulluk edýän esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny gazanmak ugrunda maksada laýyk işler alnyp barylýar. Tagallalarymyzy esgerleriň hakyky watansöýüji, hormatly Prezidentimize wepaly, üstüne ýüklenilen wezipeleri birkemsiz berjaý etmäge ukyply, syýasy we harby taýdan sowatly bolup ýetişmeklerine gönükdirýäris. Olaryň okuw-türgenleşiklerinden boş wagtlaryny peýdaly sarp etmeklerini gazanýarys. Şonda syýasy we medeni häsiýetli çärelere aýratyn orun berýäris. Esgerler bilen dürli wagyz-nesihat işlerini, edebiýat agşamlaryny, ýaşulular, meşhur adamlar bilen duşuşyklary, sport çärelerini hem geçirýäris. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş, Beýik Watançylyk urşy muzeýlerine, sebitiň çagindäki taryhy ýadygärliklere syýahatlary guraýarys we türkmen halkynyň geçmişi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoly barada gyzykly gürrüňleri berýäris.

Ýakynda hem şeýle çäreleriň biri geçirildi. Oňa «Kemally kesp» hususy kärhanasynyň işgärleri hem gatnaşdylar. Myhmanlar esgerlere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, olaryň ähmiýeti, esasy Kanunymyza girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada edilen gürrüňlerden soň woleýbol, küşt, şaşka, estafeta we tanap çekmek boýunça ýaryşlara badalga berildi. Hususy kärhananyň hünärmenleri bilen guralan ýoldaşlyk duşuşygy we ýaryşlar örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçdi. Olarda gowy netijeleri görkezen esgerler hususy kärhananyň adyndan ýadygärlik sowgatlary, harby bölümimiziň adyndan bolsa Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Akmuhammet ÖWEZMYRADOW,
N-nji harby bölümiň batalýon serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, uly leýtenant.