Milli Liderimiziň başlangyçlary rowaçlanýar

5 Maý 2021
1636

2. Öňüni alyş diplomatiýasy we türkmen Bitaraplygy

Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek üçin ençeme zerurlyk bar. Şol zerurlyklaryň doly derejeli bolmagy adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarda-da örän möhüm. Olary birin-birin sanap oturmazdan, 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryny ýada salmak ýeterlik. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi biragyzdan 2015-nji ýylyň sentýabrynda ýakyn geljekde halkara hyzmatdaşlygy ilerletmegiň, durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň esasy hökmünde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan ugurlaryň 15-sini öňe çykaryp, olaryň netijeli çözgüdini tapmagy dünýä bileleşiginiň gaýragoýulmasyz wezipesine öwrüpdi. Şol maksatlara ýetmekde Bitarap Türkmenistan özboluşly daşary syýasy derejesinden ugur alyp, täzeçil başlangyçlary öňe sürmek bilen, aýratyn işjeňlik görkezýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.