Türkmenistan — Bahreýn: döwletara gatnaşyklar berkidilýär

3 Maý 2021
1408

30-njy aprelde milli Liderimiz bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly, çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýene-de bir gezek beýan etdi, şu agyr günlerde hormatly Prezidentimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

"Nesil".