Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa

3 Maý 2021
1452

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gutlag sözlerini hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem kabul edýän tarapa çakylyk we mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Biziň ýurdumyz ÝHG-nyň mejlisine hormatly myhman hökmünde ilkinji gezek gatnaşýar, bu bolsa uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, onuň geljegine we mümkinçiliklerine düşünmäge bolan özara gyzyklanmany beýan edýän wakadyr.