Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşleri

3 Maý 2021
1594

Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde ulag ulgamynyň örän uly paýy bardyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň wajypdygyny, sebit we yklym söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň çäginiň gadymy döwürlerde-de Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetli bölegini düzendigini belleýär.

Tebigat bilen elmydama aragatnaşykda bolan ynsan guşlary, atlary we beýleki jandarlary synlap, hemişe öz beden tizliginden ýokary tizlige ymtylypdyr. At adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biridir. Arabanyň oýlanyp tapylmagy hem atyň eldekileşdirilmegi bilen baglydyr.

Ýegendurdy ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.