Bagtyýarlygyň güwäsi

28 Aprel 2021
1736

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gorap saklamakda, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilýändigi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny gorap saklamaklyga gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarda bedenterbiýä we sporta bolan söýgini terbiýelemek babatda alyp barýan syýasatyna öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, edaramyzda hem sporta höwesli ýaşlaryň arasynda gyzykly ýaryşlary yzygiderli geçirip durýarys. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinýän raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Bahargül MÄMMETNUROWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň gurluşyk-gurnama dolandyryş edarasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.