Gujur-gaýratyň gözbaşy

28 Aprel 2021
1620

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler.

Ýaş nesliň sagdyn bolmagy röwşen geljegimiziň binýadydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, onuň adam saglygyna edýän täsirini raýatlaryň hereket işjeňligini artdyrmak ýaly häsiýetleri halk arasynda ornaşdyrmak işlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri hem çetde duranoklar. Olar ýaşlaryň arasynda birnäçe ýaryşlary, dabaralary, dürli bäsleşikleri geçirip, olary Hormat hatlar we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglaýarlar. Ýaş nesillerde hereketsizligiň dowamly bolmagy olarda dürli keselleriň ýüze çykmagyna we işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti we täsiri, adam saglygy üçin möhümdigi ünsden düşürilmeýär.

Meretgeldi NURBERDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.