Saglyk — bagtyýarlyk

28 Aprel 2021
1542

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe — Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýan her bir ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesi ildeşlerimiziň, ylaýta-da, harby gullukçylaryň durmuş ýörelgesidir. Muňa TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda guralýan sport çäreleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän milli Liderimiz ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde diňe bir döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalaryny gurdurmak bilen çäklenmän, sagdyn ýaşaýşy guramakda-da ählimize nusgalyk görelde görkezýär. Diňe bir welosiped sürmekde däl, eýsem, atly gezelenç etmekde-de, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmekde-de, sport ulaglaryna erk etmekde-de, umuman, sportuň ähli ugurlarynda-da hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesi biziň üçin ýörelge mekdebi bolup durýar. Şoňa laýyklykda harby ýokary okuw mekdebimizde harby gullukçylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde, ýakynda Harby institutyň terbiýeçilik işleri boýunça bölümi TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde sport bäsleşiklerini gurady. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda harby talyplar, çagyryş boýunça harby gullukçylar özleriniň ezberliklerini we çalasynlyklaryny görkezdiler.

Arslan SAPAROW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.