Baýramçylyk at çapyşyklary

25 Aprel 2021
1701

DÜÝN Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar goşa senäniň toý joşgunyny belende göterdi. Atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky toý meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary giň gerim aldy.

Toplumda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Toý gününde ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Birinji, ikinj, üçünji, dördünji çapyşyklar üçin 1200 metr aralyk bellenilip, olarda bedewler degişlilikde “Polatly”, “Meleguş”, “Gelşikli”, “Ýanardag” baýraklaryny almak ugrunda ýyndamlygyny görkezdiler. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly atly gara aty, ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garabatyr atly mele aty, üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Tejen atly dor aty, dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygynyň Gyzlarym atly dor gysragy pellehana birinji bolup gelmegi başardylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.