Ruhubelent ýaşlar

25 Aprel 2021
1548

Ýakynda Änew şäherindäki sport mekdebinde ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Ýaryşda talyp gyzlar 60 metr, talyp oglanlar 100 metr aralyga geçirilen bäsleşiklere goşuldylar. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşa gatnaşan ýaşlar erjelliklerini görkezdiler.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.