Jahanyň naýbaşy aýlawlary

24 Aprel 2021
1907

Halkara atçylyk sport toplumy

Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy ýurdumyzda iň uly at aýlawy hasaplanýar. Bu ägirt toplumyň umumy tutýan meýdany 90 gektardan gowrak bolup, ol birnäçe döwrebap desgalary özünde jemleýär. Bu ýerdäki merkezi çapuw ýodasynyň umumy uzynlygy 2 müň metre barabardyr. Toplumyň bezeg işleri milli binagärlik sungatymyz esasynda alnyp baryldy. Halkara atçylyk sport toplumynda athanalar, seýisler we çapyksuwarlar üçin ýaşaýyş jaýlar, bedewler üçin barlaghanalar, türgenleşik howzy, ussahana, nal taýýarlanylýan otag, bede we ýörite iýmler saklamaga niýetlenen ýörite jaýlar bar. Olaryň ählisinde ýokary hilli innowasion enjamlar ornaşdyrylan. Bulardan başga-da, bu ýerde atlary arassa howada dynç aldyrmak, gezelenç etdirmek üçin hem ýörite meýdançalar ýerleşýär.