Oba hojalyk habarlary

5 Aprel 2021
1290

MÖWSÜM GURAMAÇYLYKLY BARÝAR
Welaýatymyzyň maldarlary şu ýylyň owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Häzirki wagtda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Görogly etrabynda ýerleşýän «Garagum» hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde hereket edýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynda bu işleriň depgini barha ýokarlanýar.

Maldarçylyk hojalyklarynda şu möwsümde dowarlardan owlak-guzy almak barada ýörite düzülen meýilnamalaryň esasynda oňa hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegi, sürülere başga-da jogapkär hünärmenleriň, mal lukmanlarynyň gözegçiliginiň ýola goýulmagy, olara degişli kömekçileriň, ulaglaryň berkidilmegi we beýleki çäreler oňat netijeleriň gazanylmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, täze doglan sagdyn owlak-guzularyň sany barha artýar.