99 ýyllyk ýeriň eýesi

4 Aprel 2021
1726

Akdepe etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary hem jogapkärli möwsümiň — gowaça ekişine girişilen hem-de ak ekinleriň ideginiň has-da güýçlenýän döwründe özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny ene topraga bagyş edip, tutanýerli zähmet çekýärler. Şeýle edermen zenan daýhanlarymyzyň biri hem etrabymyzyň Gorkut geňeşliginiň ýaşaýjysy Nartäç Ärjikowa hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýer gaznasyny döretmek hem-de ony önüm öndürijilere bermek baradaky Kararyny eşiden Nartäjiň buýsançly başyny gök diredi.

Ol ýanýoldaşy Otuzbaý Amangeldiýew bilen maslahatlaşyp, geňeşligiň çäginde döredilen ýer gaznasyndan 40,9 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlet bilen şertnama esasynda aldy. Häzirki wagtda ýeriň 23 gektar meýdanynda gözüňi dokundyrýan gök maýsalar tolkun atyp ösüp otyr, 6 gektar ýerde bolsa gowaça ekmäge girişildi. Ýeriň galan bölegi bolsa ekin dolanyşygyna we gök-bakja ekinlerini ekmäge niýetlenilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet sowgady bilen barmagy, hormatly Arkadagymyzyň özleri üçin edýän kömek-goldawlaryna mynasyp jogap bermegi maksat edinen daýhan gelniň ynamy uly.

Orazgeldi MUHADOW,
TAP-nyň Akdepe etrap komitetiniň hünärmeni.