Sagdyn köşekleri almagyň ugrunda

4 Aprel 2021
1476

Bäherden etrabynyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda düýe mallarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda we baş sanyny artdyrmakda ýylyň-ýylyna guwandyryjy görkezijilere eýe bolunýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hojalygyň sarwanlary yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar şu günler düýelerden köşek almak möwsümini ýokary derejede alyp barýarlar. «Gultakyr», «Gyzyltakyr», «Çerkezli», «Güdekli» ýaly ýaýlalarda bakylýan mallary orta we ýokary semizlikde saklamakda sarwanlaryň edýän yhlasy ýerine düşýär. Ol ýerlerde çopan toparlarynyň 48-si işlerini birkemsiz alyp barýarlar. Goçmyrat Gazakow, Bäşguly Myratnyýazow, Baýrammyrat Çopanow ýaly sarwanlaryň atlary göreldelileriň hatarynda agzalýar. Üstümizdäki möwsümde ene düýelerden 655 köşek almagy meýilleşdirýän maldarlar sagdyn köşek almagyň aýratynlygyny, şeýle-de düýedarçylygyň inçe syrlaryny ýaş çopanlaryň hem içgin bilmegi üçin olara kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny gaýgyrmaýarlar.

Sapargeldi SAPAROW,
TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.