Maldarlaryň zähmet üstünligi

31 Mart 2021
1577

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» we Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatymyzyň merdana maldarlary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda 45 müňe golaý ene goýundan 41 müňden gowrak guzy almagyň hötdesinden geldiler. Gazanylan zähmet üstünligi Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky taýsyz tagallalarynyň buýsançly netijelerini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maldarçylyk hojalyklarynda düýedarçylygy ösdürmeklige-de uly üns berilýär. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça bar bolan 1,5 müňe golaý ene düýeden 659 köşek almak baradaky şertnamalaýyn borçnama hem üstünlikli ýerine ýetirildi.  

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».