Nowruz saçagynyň tagamlary

21 Mart 2021
2172

Bereketli türkmen saçagynyň naz-nygmaty gadymdan bäri mälimdir. Munuň aňyrsynda Türkmenistanyň güneşe baý tebigy aýratynlyklary, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, topragy keramatly hasaplap, oňa yzygiderli we mähirli hyzmat etmek ýaly milli ýörelgeleri bar.

Nowruz baýramynda taýýarlanýan tagamlar hem özboluşly aýratynlyklara eýedir. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde 7-lik keramatly we täsin güýje eýe bolan san hökmünde orun alypdyr. Ýedi ölçäp bir kesmek, semeni tagamyny ýedi öýe dadyrmak, çaga çileden çykarylanda ýedi öýe aýlamak, aşyklara bagyşlanan ýedi dessan, hepdäniň ýedi güni, ýedi gat ýer, älemgoşaryň ýedi reňki, ýedi dürmen atly keteni matasy we şuňa meňzeşleri görkezmek bolar.

Aýna GURBANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy.