Rehnet çeşmesi

18 Mart 2021
1716

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeler adamyň mynasyp ýaşaýşyny, abadançylygyny we ýurduň her bir raýatynyň şahsy mümkinçiligini hemmetaraplaýyn erkin ösdürmegi üpjün etmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, zähmeti guramak we goramak boýunça alnyp barylýan işler döwrebap ösüşlere beslendi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrundaky döwlet wezipelerini ýerine ýetirmekde adamyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny döretmäge gönükdirilen zähmet ynsan durmuşynyň ösüşiniň we jemgyýetçilik öňegidişliginiň esasy görkezijisi bolup durýar. Hususan-da, bazar gatnaşyklaryna geçilýän, ylmyň we tehnologiýalaryň güýçli depginler bilen ösýän häzirki döwürde adamlaryň zähmet we intellektual mümkinçilikleri derwaýys önümçilik şertine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda netijeli işleýän zähmet bazarynyň giňeldilmegine, adamlaryň akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz şöhratly türkmen ýolunyň hoşniýetli gymmatlyklaryny özünde jemleýän, her jümlesi gymmatly pikirlerden doly türkmen dünýäsini, durmuşyny, döwletlilik ýörelgelerini çeper beýan edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny — ruhy baýlygy peşgeş berdi. Kitabyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde zähmet düşünjesi onuň netijeliligi, çekilen zähmetiň ynsanyýetiň, daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen bolmalydygy barada çeper tymsallaryň üsti bilen okyjylara ýetirilýär. Alym Arkadagymyz zähmete yhlasly adamyň zähmetiň miwesine gadyr goýmagy hem başarýandygyny belleýär. Päk zähmet hözirli, rysgally bolýar. Bu çuň manyly ýörelgeler umman ýaly parasaty öz içine alýar. Zähmetsöýerlik ynsanyň bir tarapdan, ussatlyk, pikirlenijilik, ugurtapyjylyk ýaly şahsy endiklerini ösdürse, beýleki bir tarapdan, özara düşünişmeklik, jebislik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.